Turkmenportal logo
Şu gün 09:59
46724672
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda akguýruk suw bürgüdiniň sanawy geçirildi 

Akguýruk suw bürgüdi seýrek görnüş bolup, sany durnuklydyr, Türkmenistanda, esasan, gyş döwründe duş gelýär. Ony tutmak we awlamak gadagandyr. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň ýanwar aýynda Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy we Gorag bölüminiň hünärmenleri tarapyndan Hazar deňziniň türkmen böleginde gyşlaýan suw-batgalyk guşlarynyň gyşky sanawy amala aşyrylýar. Bu ýylky geçirilen nobatdaky sanawlarda Hazar deňziniň türkmen böleginiň kenarýakalarynda akguýruk suw bürgüdiniň 120-sine duş gelnip, bellige alyndy.

Akguýruk suw bürgüdi, esasan, Demirgazyk Aziýada mesgen tutup, güýz-gyş aýlarynda Hazar deňziniň türkmen böleginde hem duşýar. Ýylyň sowuk döwri olaryň bir topary göçýär, gyşyna günorta tarapa — Gimalaý daglarynyň etegine çenli günorta uçup gidýär. 

Türkmenistanda ýyrtyjy guşlaryň 3 maşgala degişli görnüşleriniň 36-sy duş gelýär. Olaryň biri-de akguýruk suw bürgüdidir diýlip, habarda bellenilýär.