Turkmenportal logo
Düýn 12:21
98699869
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýranda harby dikuçar heläkçilige uçrady

Eýranyň merkezi Isfahan welaýatynda uçar heläkçiligi ýüze çykdy: dikuçar Homenişahr şäheriniň golaýyndaky Dorçe (Dorçeh) şäherindäki bagçylyk toplumynyň çägine gaçdy — diýip, Eýranyň «Tasnim» agentligi habar berýär. Agentligiň maglumatlaryna görä, hadysa şäheriň bagçylyk toplumynyň çäginde ýüze çykdy.

«Birnäçe minut mundan öň Dorçe şäherinde, Homenişahryň golaýynda dikuçar ýere gaçdy» — diýip, neşirde bellenilýär.

Häzirlikçe heläkçiligiň sebäpleri, dikuçaryň görnüşi, bortdaky adamlaryň sany, şeýle hem pidalar ýa-da ýaralananlar barada maglumat berilmeýär. Eýran käbir metbugat serişdeleriniň maglumatlaryna görä, uçaryň Eýranyň ýaragly güýçlerine degişli bolmagy mümkindir.

Hadysanyň jikme-jiklikleri anyklanylýar.