Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşik «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan bilelikde guralýar.
Bäsleşige türkmen paýtagtynyň binagärlik aýratynlygyny, gözelligini, ekologiýa taýdan arassalygyny beýan edýän makalalar we goşgular kabul edilýär. Bäsleşige öň hiç ýerde çap edilmedik işler kabul edilýär. Makalanyň göwrümi 3 sahypadan geçmeli däldir.
Bäsleşige ýurduň ähli gyzyklanma bildirýän raýatlary gatnaşyp bilerler.
Döredijilik işlerini 15-nji maýa çenli «Ak şäherim Aşgabat» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasyna şu salgy boýunça ibermeli: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100-nji jaý, Türkmenbaşynyň Erkin döredijilik mekany.
Iň gowy makalalar we goşgular «Aşgabat» gazetinde çap ediler. Bäsleşigiň jemleri maý aýynyň ikinji ongünlüginde — Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda jemlener. Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.
«Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň telefon belgileri: (+99312) 39-95-31, 39-96-24.