Turkmenportal logo
Düýn 10:56
1060810608
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Prawoslaw hristianlaryň Uly agyz bekleme döwri başlaýar

Duşenbe güni prawoslaw hristianlarda Uly agyz bekleme döwri başlanýar — köp günlük agyz bekleme döwrüniň dördüsinden bu iň uzagydyr we iň berk tutulýanydyr. 2026-njy ýylda ol 23-nji fewraldan 11-nji aprele çenli dowam edip, 12-nji aprelde belleniljek Pasha baýramynyň öňüsyrasynda tamamlanar.

Uly agyz bekleme döwri Mukaddes Kyrk güni (ilkinji 40 güni), Lazar şenbesini, Isanyň Iýerusalime girmegini we Ynjalyk hepdesini öz içine alýar — jemi 48 gün. Orazanyň däbi apostol döwrüne çenli uzap gidýär we Musa, Yliýa we Isa Mesihiň kyrk günlük agyz bekleme döwrüne meňzetmegiň esasynda ýola goýuldy.

Agyz bekleme döwründe hristianlara etden, ýumurtgadan, süýt we süýt önümlerinden, şeýle hem balykdan saklanmak maslahat berilýär. Ýöne iki baýramçylykda — 5-nji aprelde Isanyň Iýerusalime girmegi we 7-nji aprelde Mukaddes Bogorodisanyň Hoş Habar güni balyk iýmäge rugsat berilýär.

«Agyz beklemäniň ölçegini internetde ýerleşdirilen sanawlar ýa-da monahlaryň düzgünleri boýunça däl-de, öz saglygyňyza, ybadathana gatnaşmagyňyza, durmuş ýagdaýyňyza görä kesgitlemeli we bu barada şahsy aragatnaşykda bolýan ruhanyňyz bilen maslahatlaşmaly» - diýip, Rus prawoslaw ybadathanasynyň okuw komitetiniň ýolbaşçysy protoiereý Maksim Kozlow belleýär.

Agyz bekleme — toba etmegiň we Isa Mesihiň direliş baýramyna ruhy taýýarlyk görülýän döwürdir.