Türkmenistan Transhazar gaz geçirijisi taslamasyny amala aşyrmaga örän çynlakaý we konstruktiw çemeleşýär hem-de bu taslama yklymyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi.
«Türkmenistan oňa çynlakaý, ünsli we oňyn garaýar. Şol bir wagtda halkara-hukuk häsiýetli, ylaýta-da Hazar deňziniň düýbüni delimitasiýa etmek meselesini çözmek zerurdyr» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu mesele boýunça işlemek üçin türkmen-azerbaýjan Iş toparynyň döredilendigini ýatlatdy. «Bu toparyň işiniň amaly taýdan gowy netijeleri berjekdigine umyt edýäris» diýip, Milli Lider sözüniň üstüni ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusynyň doly tekstini şu salgydan okap bilersiňiz.