Turkmenportal logo
21.02.26
1372613726
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«SMART-gözegçilik» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça okuw-maslahaty geçirildi

Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň merkezi edarasynda biologiki dürlülige gözegçilik etmekde «SMART-gözegçilik» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça okuw-maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginiň wekili öz çykyşynda «SMART-gözegçilik» ulgamy ornaşdyrylan Köýtendag, Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanalary, Balkan welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň gözegçilik işleriniň öňki ýyllar bilen deňeşdirilende netijeleriniň has ýokarlanýandygy barada aýdyp geçdi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Maslahat döwlet gözegçileriniň we ýerli bilermenleriň gatnaşmagynda Ahal welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginde, Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynda «SMART-gözegçilik» ulgamyny ornaşdyrmak barada dowam etdi. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we «Conservation X Labs» guramasy hem-de ýerli SMART hünärmenleri bilen bilelikde guralan bu çäre goralýan tebigy ýerlerde gözegçiligi güýçlendirmek, seýrek duş gelýän biologik dürlüligiň we landşaftlaryň abat saklanylmagyny hem-de aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny yzygiderli öwrenmekde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Maslahatyň birinji ýarymynda gözegçileriň we beýleki hünärmenleriň arasynda tebigaty goramak işinde halkara standart bolan «SMART-gözegçilik» ulgamynyň iş ýörelgelerini we peýdalanmagyň usullaryny öwrenmek boýunça okuw çärelerine bagyşlandy. Gorag, ylymy we degişli bölümleriň hünärmenleri tebigaty goramak pudagynyň halkara standartyna laýyk gelýän «SMART-gözegçilik» (Spatial Monitoring and Reporting Tool) ulgamynyň peýdalanşy we ulanylyşy bilen doly tanyş boldular.

Okuw maslahatyň ikinji güni «SMART-gözegçilik» ulgamynyň operatorlaryny okatmaga bagyşlandy. Olar geçilen ugurlary ulgama girizmek, maglumatlar binýady bilen işlemek, seljerme geçirmek we hasabatlary taýýarlamak boýunça tälim aldylar.