Turkmenportal logo
Düýn 13:30
1124311243
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny 30% artdyrdy

2025-nji ýylda Türkmenistandan eksport edilýän azyk önümleriniň möçberi 30% ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berildi.

Geçen ýyl Türkmenistan 263 müň tonnadan gowrak azyk önümlerini eksport etdi. Hususan-da, 2025-nji ýylda 181 müň tonnadan gowrak ter pomidor eksport edilip, bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 21% ýokarlandy.

Şeýle-de geçen ýylda 6 müň tonna golaý iýmitlik towuk ýumurtgasy we 26 müň tonna golaý azyklyk däneli ekinler eksport edildi.

Gümrük gullugy tarapyndan berlen maglumatlara görä, 2025-nji ýylda aşakdaky azyk önümleriniň hem eksporty artdy:

  • gök önümler we ter miweler — 5%;

  • gaplanan azyk önümleri — 3%;

  • konditer önümleri — 123%;

  • alkogolsyz içgiler — 282,6%.