Turkmenportal logo
Düýn 20:06
58875887
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝB-niň ilçisi: Brýusselde Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna garaşylýar

Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky ilçisi Beata Peksa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Brýusselde uly höwes bilen garşylanjakdygyny mälim etdi.

«Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Komissiýasynyň, Geňeşiniň, Parlamentiniň ýolbaşçylary we komissarlar bilen duşuşmak üçin Brýussele gelmegine garaşylýan hormatly myhmandyr. Bu barada degişli karar eýýäm kabul edildi, indi diňe saparyň senesiniň ylalaşylmagyna garaşylýar» diýip, ilçi aýtdy.

Peksanyň sözlerine görä, öňde duran saparyň gün tertibi örän giň bolup, ol syýasy geňeşmeleri, energetika howpsuzlygy, bilim we ýaşlar hyzmatdaşlygy ýaly ugurlary öz içine alýar. 

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, öz gezeginde, saparyň möhletleri baradaky gepleşikleriň dowam edýändigini tassyklady. Ol şeýle hem, duşuşyk pursadyna çenli gol çekiljek resminamalaryň toplumyny taýýarlamagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. «Möhletler we seneler anyklanan badyna, biz hökman goşmaça habar bereris» diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça brifing 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi. Çäräniň dowamynda 2025-nji ýyldaky özara gatnaşyklaryň netijeleri jemlendi we 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň esasy ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi. Brifinge Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, ÝB-niň institutlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.