Turkmenportal logo
Düýn 19:52
55835583
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we ÝB 2026-njy ýyl üçin wakalara baý gün tertibine taýýarlyk görýärler

Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa mälim etdi.

«Ýewropa Bileleşigi bilen özara hereket etmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygy özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we gyzyklanma ýörelgelerine esaslanýar hem-de ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar» diýip, ol Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan brifingde aýtdy.

M.Bäşimowanyň sözlerine görä, hyzmatdaşlyk anyk hukuk we syýasy binýada daýanýar. Esasy resminamalaryň hatarynda sebit ýurtlary bilen ysnyşykly gatnaşykda işlenip düzülen ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça 2019-njy ýyldaky Strategiýasy, şeýle hem 2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda geçirilen ministrler duşuşygynda kabul edilen ÝB we Merkezi Aziýa arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça bilelikdäki «ýol kartasy» bar. Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda ýokary derejeli gatnaşyklary goşmak bilen, ýokary syýasy dialog saklanylýar. Özara hereketler hem Türkmenistan — ÝB görnüşindäki ikitaraplaýyn esasda hem-de Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi sebitara görnüşinde alnyp barylýar.

Ministriň orunbasary häzirki wagtda daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, sanlylaşdyrmak we interneti ösdürmek, kiberhowpsuzlyk, ulag gatnaşyklary, ykdysady ösüş we hususy sektory goldamak, neşeleriň bikanun dolanyşygyna we terrorçylyga garşy göreşmek, sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek, şeýle hem telekeçi zenanlary we ýaşlary goldamak ýaly ugurlarda 30-a golaý ikitaraplaýyn hem-de sebit taslamalarynyň amala aşyrylýandygyny belledi.

2026-njy ýyl üçin meýilnamalar barada durup geçip, M.Bäşimowa eýýäm meýilleşdirilen birnäçe çäreleri mälim etdi. Mart aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň arasynda nobatdaky parlamentara dialog, şeýle hem Aşgabatda Adam hukuklary boýunça dialogyň nobatdaky tapgyry geçiriler.

Oktýabr aýynda DARYA taslamasynyň çäklerinde 5-nji ýokary derejeli duşuşyk meýilleşdirildi. Mundan başga-da, gün tertibinde ÝB — Türkmenistan bilelikdäki komitetiniň Brýusseldäki mejlisi, ÝB-niň Merkezi Aziýadaky howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary derejeli dialogy, Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygy, nobatdaky ÝB — Merkezi Aziýa ministrler duşuşygy, şeýle hem Türkmenistanda Ýewropa medeniýetiniň hepdeligi bar.