Turkmenportal logo
Düýn 17:18
1027310273
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň DIM-iniň ykjam goşundysy işe girizildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ykjam telefonlar üçin goşundy işe girizildi. Goşundy ulanyjylara gündelik täzelikler, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň we onuň ulgamyna girýän edaralaryň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryň işi barada maglumatlar bilen tanyşmaga hem-de ýerli ulanyjylara konsullyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin onlaýn nobata durmak mümkinçiligini hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berildi.

Ykjam telefonlar üçin goşundy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine degişli maglumatlaryň bir ýerde jemlenmegini üpjün etmek bilen, türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterlidir.

Goşundyny Google Play we App Store-dan mugt ýükläp almak we peýdalanmak mümkin.