Turkmenportal logo
17.02.26
1186911869
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen-katar parlamentara hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

15-nji fewralda Türkmenistanyň Dohadaky ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Konsultatiw geňeşiniň Türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň başlygy Ahmed bin Hitmi Al-Hitmi bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Dohadaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigini belledi. Şeýle hem ol ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çäreler we ylmy maslahatlar barada gürrüň berdi.

Mundan başga-da, taraplar ikitaraplaýyn parlamentara dialogy ösdürmek, hyzmatdaşlyk strategiýasyny işjeňleşdirmek we iki ýurduň kanunçylyk işi baradaky tejribe alyşmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.