Turkmenportal logo
16.02.26
2425824258
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady
Surat: Surat: Surat: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Gahryman Arkadagyň ABŞ-na şu gezekki sapary bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugramak üçin, Aşgabadyň Halkara howa menziline tarap ugrady. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk hoşniýetli we deňhukuklylyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Bu hyzmatdaşlyk häzirki wagtda täze derejä çykýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna tarap ugur aldy.