Turkmenportal logo
Düýn 10:03
94889488
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystanyň ýokary okuw mekdebinde Türkmenistanyň 2026-njy ýylyň milli şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi

13-nji fewralda  Almaty şäheriniň Abylaý han adyndaky Halkara gatnaşyklary we dünýä dilleri uniwersitetinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi.

Çäräniň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine aýratyn üns berildi. Diplomatiki gatnaşyklaryň ýyllary dowamynda bu gatnaşyklar syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlary öz içine alýan hakyky strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetdi.

Duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby bilen tanyşdyryldy.

Çäre milli türkmen sazlarynyň, aýdymlarynyň we tanslarynyň ýerine ýetirilmeginde medeni maksatnama bilen utgaşdyryldy. Olaryň arasynda «Bilezik» we «Küştdepdi» hem ýerine ýetirildi — diýip, Türkmenistanyň daşary işler ministrligi habar berýär.