Turkmenportal logo
Düýn 09:20
95599559
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Balkan welaýatynda halkara akkreditasiýaly okuw merkezi açyldy

11-nji fewralda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Tehnologiýalar binasy» hususy kärhanasynyň Ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň dabaraly açylyş çäresi geçirildi. Täze okuw edarasy halkara OPITO, IPSQA we ISO guramalary, şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan akkreditasiýadan geçdi.

Merkez nebit-gaz, gaz-himiýa, energetika we himiýa senagaty üçin hünärmenleri taýýarlamak bilen meşgullanar.

Okuw maksatnamasyna aşakdaky ugurlar boýunça okuwlar girizildi:

  • H2S (wodorod sulfidi) zäherli gazynyň ýaýramagynda hereket etmegiň okuw-türgenleşigi;

  • Nebit-gazy gaýtadan işlemekde we onuň önümçiliginde, gurluşyk işlerinde ýapyk ýerlere girilişiniň howpsuz usullary boýunça okuw-türgenleşik okuwy;

  • Ilkinji lukmançylyk kömegini bermek we ýürek uruşyny kadalaşdyrmak boýunça okuw-türgenleşigi;

  • Nebit-gazy gaýtadan işlemek, onuň önümçiliginde, gurluşyk işlerinde belentlikde işlemek, şeýle hem halas ediş boýunça okuw-türgenleşik okuwy;

  • Nebit-gazy gaýtadan işlemäge, önümçilige, gurluşyk işlerine zyýan bermezden gözden geçiriş boýunça 2-nji derejeli okuw.

Okuw merkezi Türkmenbaşy şäheriniň G. Saparow köçesi, jaý 36 salgysynda ýerleşýär. Merkezi döredijiler «Howpsuz işle we tehniki taýdan kämilleş» diýen ýörelgä daýanyp, ýokary hilli bilim bermek we halkara ölçeglere laýyk gelmek arkaly pudagyň durnukly ösüşine goşant goşmagy maksat edinýärler.

Merkeziň esasy wezipesi — hünärmen işgärleri taýýarlamak, hereket edýän işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ýurduň nebit-gaz pudagynyň geljekki ösüşini goldamakdan ybaratdyr.