Turkmenportal logo
15.02.26
2326723267
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Al-Nasr» klubynyň «Arkadag» bilen oýundan öň Ronaldu «Al-Fateh» bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy we ýeňişe ýardam etdi 

Saud Arabystanynyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynda «Al-Nasr» kluby «Al-Fatehi» 2:0 hasaby bilen ýeňdi. Al-Hasada geçirilen duşuşykda myhmanlaryň ýeňşi Kriştianu Ronalduň (18-nji minut) we Aýman Ýahýanyň (78-nji minut) gollary bilen gazanyldy.

Portugaliýaly hüjümçi «Er-Riýad» (2-nji fewral) we «Al-Ittihad» (6-njy fewral) bilen geçirilen duşuşyklary goýberenden soň klubyň düzümine dolandy. Metbugatda berilýän maglumatlara görä, Ronaldu klubuň ýolbaşçylaryndan nägileligi sebäpli hem-de Saud Arabystanynyň döwlet maýa goýum gaznasynyň «Al-Hilal», «Al-Ittihad» we «Al-Ähli» ýaly bäsdeş klublara deň derejede maýa goýulmaýandygy sebäpli oýunlara gatnaşmakdan ýüz öwrüpdir. Şeýle hem klubyň käbir işgärleriniň zähmet haklarynyň gijikdirilendigi habar berildi. Ýolbaşçylar ähli bergileriň öwezini dolandan soň, portugaliýaly ýyldyz topar üçin çykyş etmegi dowam etdirmäge razy boldy.

Ronaldu 11-nji fewralda Aşgabatda «Arkadag» bilen geçirilen AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygyny hem goýberdi. «Al-Nasryň» baş tälimçisi Žorže Žezuş portugaliýaly ýyldyzyň we beýleki ýyldyzlaryň — Sadio Mane hem-de Žoao Feliksiň gatnaşmazlygyny milli çempionatyň möhüm oýunlaryna güýçlerini tygşytlamak zerurlygy bilen düşündirdi.

Aşgabatdaky «Olimpiýa» stadionynda geçirilen duşuşyk 1:0 hasabynda saudlylaryň peýdasyna tamamlandy. Ýeke-täk goly 19-njy minutda Abdulla Al-Hamdan Gabriel Anželonyň pasyndan soň geçirdi.

«Arkadag» bilen geçirilen oýna gatnaşmadyk Sadio Mane, Mohamed Simakan, Inýigo Martines, Kingsli Koman, Marcelo Brozowiç we Žoao Feliks «Al-Fateh» bilen duşuşykda meýdança çykdylar. Bu ýeňiş «Al-Nasryň» ähli ýaryşlarda yzly-yzyna gazanan sekizinji ýeňşi boldy.

Duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda Žezuş şeýle diýdi: «Biziň üçin her bir oýun möhüm, biz ýokary derejede oýnamaga çalyşýarys. «Al-Nasryň» maksatlarynyň biri AFC-2 Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmak. Ýöne biz indiki tapgyra çykarys diýip öňünden kepillendirip bilmeris, sebäbi öňümizde «Arkadag» bilen Er-Riýadda jogap duşuşygy bar. Biz garşydaşymyza hormat goýýarys we jogap duşuşyga pugta taýýarlyk göreris».

AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy «Arkadag» bilen «Al-Nasryň» arasynda 18-nji fewralda Er-Riýadda geçiriler. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 23:15-de başlanar.