Turkmenportal logo
14.02.26
2573825738
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi
Surat: Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. B.Gündogdyýew ýurduň Ýaragly Güýçleriniň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp ulanmaga berlen gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar barada aýdyldy. 

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby hünärmenlerini taýýarlamak boýunça geçirilýän çäreleri, milli goşunyň maddy enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.