18 ýaşa çenli oýunçylardan düzülen Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy üçünji diwizionyň «B» toparçasynyň çäklerinde geçirilýän ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň birinji duşuşygynda Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 4:3 hasabynda ýeňdi (1:1, 1:2, 1:1). Bu ýaryş Saraýewo şäherinde (Bosniýa we Gersegowina) geçirilýär.
Duşuşyk dartgynly göreşde geçdi. Hasaby 10-njy minutda Daýanç Batyrow açdy. 20-nji minutda Duan van der Merwe hasaby deňledi we oýnuň birinji döwri 1:1 hasabynda tamamlandy.
Ikinji döwürde 28-nji minutda Röwşen Arçaýew Türkmenistanyň ýygyndysyny öňe çykardy – 2:1. Ýedi minutdan soň Hezretaly Mämmedow artykmaçlygy iki şaýba çenli artdyrdy. 40-njy minutda van der Merwe ýene tapawudy iň az derejä çenli azaltmagy başardy we şeýlelik bilen hasap 3:2 boldy.
Soňky döwürde Joşua Anker hasaby deňledi. Şeýle-de bolsa, Türkmenistanyň ýygyndysynyň kapitany Daýanç Batyrow oýnuň tamamlanmagyna dört minut galanda duşuşykdaky ikinji şaýbasyny geçirip, oýnuň jemleýji hasabyny kesgitledi – 4:3.
Indiki tapgyrda türkmen hokkeýçileri Islandiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Islandiýa ilkinji oýnunda Lýuksemburgyň ýygyndysyny 12:1 hasabynda ýeňdi. Beýleki duşuşykda bolsa Tailandyň ýygyndysy Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysyndan 12:3 hasabynda üstün çykmagy başardy.