2025-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň imperatory Naruhitonyň arasynda geçirilen iki duşuşyk bu ýurtlaryň arasyndaky örän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň nyşanydyr. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi imperatoryň doglan güni mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikde eden çykyşynda aýtdy.
Diplomatyň bellemegine görä, 2025-nji ýylda Prezidentiň Ýaponiýa amala aşyran iki saparynyň dowamynda hem döwlet Baştutany onuň Alyhezretleri Imperator bilen duşuşdy. «Bir ýylyň dowamynda daşary ýurt lideriniň imperator bilen iki gezek duşuşmagy örän seýrek ýagdaýdyr. Bu hem Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda örän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň bardygyna aýdyň şaýatlyk edýär» – diýip, ilçi çykyşyny türkmen dilinde dowam etdi.
Sasaki Hirosiniň belleýşi ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iki gezek sapar eden ýyly boldy: aprel aýynda Osakada geçirilen Expo 2025 sergisine bardy, dekabr aýynda bolsa «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde geçirilen sammite gatnaşdy. Ilçiniň sözlerine görä, ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde, şol sanda iri ykdysady taslamalary durmuşa geçirmekde uly üstünlikler gazanyldy.
Şeýle hem Ýaponiýanyň ilçihanasy 2026-njy ýylda geçen ýyl bilen deňeşdirilende öz işini has-da giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu meýilnamalara ýapon kompaniýalarynyň işewürligini ösdürmek, ýapon dilini öwrenmegi goldamak hem-de medeni alyş-çalyşlary giňeltmek degişlidir — diýip, diplomat belledi.
Imperator Naruhito 23-nji fewralda 66 ýaşyny doldurýar.