Turkmenportal logo
Düýn 12:52
2443924439
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň Oraza aýy üçin agyz beklenýän we agyz açylýan wagtlar yglan edildi

Türkmenistanda hijri senenamasy boýunça 1447-nji ýylyň mukaddes Oraza aýy üçin agyz beklenilýän we agyz açar açylýan wagtlaryň resmi senenamasy neşir edildi. Senenama ýurduň paýtagty Aşgabat şäheri, Arkadag şäheri, şeýle hem bäş welaýat — Ahal, Balkan, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlary üçin aýratynlykda düzüldi.

Senenama laýyklykda, 2026-njy ýylda mukaddes Oraza aýy 18-nji fewraldan 19-njy marta çenli dowam eder.

Orazadaky agyz beklemek düzgünleri iki sany esasy naharlanmak wagtyna esaslanýar: selärlik — ertir namazynyň wagty girmänkä iýilýän irdenki nahar we iftar — gün ýaşyp, agşam namazynyň wagty gireninden soňra iýilýän agyz açar naharydyr.

Türkmenistanyň şäherleriniň we sebitleriniň dürli geografiki giňişliklerde ýerleşýändigi sebäpli, agyz beklemek we agyz açar wagtlary ilatly nokatlara görä üýtgeýär. Senenamadaky iň uly wagt tapawudy Balkan welaýatynyň günbatar etraplary bilen Lebap welaýatynyň gündogar etraplarynyň arasynda ýüze çykýar.

2026-njy ýylda Oraza baýramy 20-nji martda, ýagny anna gününde belleniler.

Aşgabat, Arkadag şäherleri we Ahal welaýaty

Balkan welaýaty

Daşoguz welaýaty

Lebap welaýaty

Mary welaýaty