Turkmenportal logo
Düýn 22:17
44874487
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

11-nji fewralda Rumyniýanyň DIM-iniň binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Annaýew bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Anna Tinkanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Diplomatlar özara hormata we ynama esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini, şeýle hem syýasy gepleşikleri mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Duşuşykda ykdysadyýet we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga, şeýle hem parlamentara gatnaşyklara we konsullyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Taraplar bar bolan gepleşikler mehanizmlerini ulanmagyň möhümdigini nygtadylar we olary has-da işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şeýle hem taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we konstruktiw gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.