Turkmenportal logo
Düýn 13:08
1234512345
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Hilal Alüminyum» kompaniýasy: «Biz Türkmenistan bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlygymyza ýokary baha berýäris»

Alýumin profilleri, ekstrudirleme ulgamlary we kompozit panelleri öndürmäge ýöriteleşen Türkiýäniň «Hilal Alüminyum» kompaniýalar topary Türkmenistan bilen eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär. Ine, Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisinde hem olaryň önümleri görkezilýär.

«Hilal Alüminyum» kompaniýasynyň satuw bölüminiň başlygy Adem Taýfunyň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen interwýusynda bellenilişi ýaly, 20 ýylyň dowamynda türkmen bazarynda ygtybarly işewürlik gatnaşyklary kemala geldi.

«Häzirki wagtda biz, takmynan, 12 sany iri gurluşyk we taslama kompaniýasyny önümler bilen üpjün edýäris, şeýle hem bu ýerde resmi dilerimiz bar. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji we ikinji tapgyrlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alýumin profilleri we goşmaça enjamlary ulanylan desgalaryň, takmynan, 40 — 50 göteriminde biziň önümlerimiz peýdalanyldy» diýip, ol belledi.

«Hilal Alüminyum» kompaniýasy öz önümlerini dünýäniň 59 ýurduna eksport edýär. Onuň merkezi edarasy Stambulda ýerleşýär, kärhananyň umumy meýdany bolsa, takmynan, 75 müň inedördül metre barabardyr.

«Biz tehnologik we ygtybarly çözgütleri hödürlemek bilen, Türkmenistandaky hyzmatdaşlarymyza goldaw bermäge elmydama taýýardyrys. Biz türkmen tarapy bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlygymyza ýokary baha berýäris we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin döredilýän mümkinçiliklere minnetdardyrys» diýip, Taýfun nygtady.