Turkmenportal logo
12.02.26
2116321163
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekilleri çagalar zähmetini ýok etmek boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň we Marokkonyň Hökümetiniň howandarlygynda 11 — 13-nji fewral aralygynda geçirilýän Çagalar zähmetini ýok etmek boýunça altynjy Bütindünýä maslahatyna gatnaşýar.

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasynyň saýtynda habar berilişine görä, maslahatyň maksatnamasyna ýokary derejeli umumy mejlisler, tematiki ara alyp maslahatlaşmalar, tejribe alyşmaga, netijeli usullary işläp düzmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygyny, şol sanda çagalaryň bilimi we durmuş goraglylygy ulgamynda pugtalandyrmaga gönükdirilen ýörite çäreler girýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň bu forumyň işine gatnaşmagy ýurduň halkara giňişligindäki abraýynyň barha artýandygyny hem-de onuň konstruktiw gepleşiklere we ynsanperwer gymmatlyklaryň öňe sürülmegine ygrarlydygyny tassyklaýar.