Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň baş tälimçisi Žorže Žezuş AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynda 1:0 hasabynda gazanylan ýeňişden soň, toparyň indiki tapgyra çykjakdygyny entek kepillendirip bilinmejekdigini aýtdy.
«Indiki tapgyra çykmak entek kepillendirilip bilinmez, sebäbi bizi Er-Riýadda jogap duşuşygy garaşýar. Biz şu günki garşydaşymyz «Arkadag» toparyna uly hormat goýýarys we oýna çynlakaý taýýarlanjakdyrys» — diýip, portugaliýaly hünärmen oýundan soňky metbugat maslahatynda belledi.
Duşuşyk çarşenbe güni Aşgabatda geçirildi. Duşuşygyň ýeke-täk pökgüsini 19-njy minutda «Al-Nasryň» hüjümçisi Abdullah al-Hamdan geçirdi.
Žezuş oýnuň geçirilişiniň şertlerine ýokary baha berdi: «Stadionda bolan ähli janköýerlere minnetdarlyk bildirýärin. Bu ýerde örän gowy gurşaw boldy. Bu örän gowy stadion, ýurduň özi hem örän gowy eken. Bu ýerde futbol üçin ähli şertler döredilipdir» — diýip, ol aýtdy.
Jogap duşuşygyndaky düzüm barada berlen sowala tälimçi şeýle jogap berdi: «Arkadaga» garşy haýsy düzümiň meýdança çykjakdygyny edil häzir aýdyp bilemok, sebäbi bizi milli ligadaky oýun hem garaşýar». 14-nji fewralda «Al-Nasr» Saud Arabystanynyň çempionatynda myhmançylykda «Al-Fateh» topary bilen duşuşýar.
Duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edilen ýeke-täk goluň awtory Abdullah al-Hamdan myhmansöýer kabul edenlikleri üçin minnetdarlyk bildirdi: «Bu örän kyn oýun boldy, ýöne biziň üçin iň möhüm zat – ýeňiş gazanmagymyzdyr. «Arkadag» güýçli garşydaş. Emma öňümizde Er-Riýaddaky jogap duşuşygy bar we onuň hem biziň peýdamyza tamamlanjakdygyna umyt edýärin» — diýip, ol belledi.
AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygy «Arkadag» bilen «Al-Nasryň» arasynda 18-nji fewralda geçiriler. Bu duşuşygyň ýeňijisi çärýek finalda «Al-Zawraa» (Yrak) – «Al-Wasl» (BAE) jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.