Turkmenportal logo
Düýn 12:23
1121711217
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ak Gaýa täzeleniş möwsümine giň görnüşli lak-boýag önümlerini hödürleýär

Fewral aýy — köpçüligiň ýazky täzelenişleri meýilleşdirip, abatlaýyş möwsümine taýýarlyk görüp başlaýan döwridir. Hut şu döwürde interýeri özgerdip, islendik zatlaryň ýüzlerini we üstlerini ygtybarly goramaga ukyply bolan ýokary hilli lak-boýag materiallaryna bolan isleg has-da artýar. Häzirki zaman çözgütlerini hödürleýän öndürijileriň hatarynda Kent, Leon we Kontinental ýaly birnäçe meşhur brendler bilen önümleri çykarýan Ak Gaýa kompaniýasy hem bar.

Bu brendleriň her biri dürli görnüşli zatlaryň ýüzlerini, üst böleklerini we ulanyş şertleri üçin işlenip taýýarlanan materiallaryň giň toplumyny hödürleýär. Önümler hususy alyjylara hem, gurluşyk pudagynyň hünärmenlerine hem niýetlenendir.

Öndürijiniň assortimentinde diwarlar üçin interýer boýaglary, fasad örtükleri, potolok boýaglary, suw-dispersli gruntlama serişdeleri, bezeg üçin fakturaly düzümler, beton üstleri üçin ýöriteleşdirilen boýaglar, şeýle-de poslama garşy sintetiki materiallar bar. Giň görnüşli önümler ýaşaýyş jaýlaryny täzelemek üçin hem, desgalary daşky täsirlerden goramak üçin hem laýyk çözgütleri saýlap almaga mümkinçilik berýär.

Önüm bukjasyny giňeldip we materiallarynyň köptaraplylygyna aýratyn üns berip, Ak Gaýa bazardaky ornuny pugtalandyrmagyny dowam etdirýär hem-de sarp edijilere geljekki täzeleniş möwsümi üçin amaly çözgütleri hödürleýär.

Ak Gaýanyň önümleriniň doly görnüşleri bilen Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi (Obýezdnoý ýoly), jaý 40 salgysynda ýerleşýän kompaniýanyň ýöriteleşen dükanynda tanşyp bolýar.

Goşmaça maglumat we maslahat almak üçin aşakdaky aragatnaşyk maglumatlary arkaly kompaniýanyň wekilleri bilen habarlaşyp bilersiňiz:

  • telefonlar: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88;

  • sosial ulgamdaky sahypasy.