Turkmenportal logo
Şu gün 12:14
84098409
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenbaşy we Baku portlaryny utgaşykly ösdürmek meselesi maslahatlaşyldy

«AZCON» holdingine girýän «Azerbaýjan demir ýollary» (ADY) Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Rowşan Rustamow Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi. Bu barada Azerbaýjanyň ilçihanasynyň saýtynda habar berilýär.

Portuň direktory Parahat Jumaýew azerbaýjan wekiliýetini Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň bar bolan düzümi, tehniki mümkinçilikleri we üstaşyr kuwwaty bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň sebitdäki ýük daşamalaryny ösdürmekdäki ornuny, şeýle hem Baku halkara deňiz söwda portuny we Türkmenbaşy halkara deňiz portuny ösdürmek meýilnamalaryny utgaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Deňiz düýbüni çuňlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.

Gepleşige gatnaşyjylar Hazar we Gara deňizleriniň arasyndaky baglanyşygyň giňeldilmeginiň ýük dolanyşygynyň artmagyna we Orta geçelgäniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigini nygtadylar.

Şeýle-de taraplar Ýewraziýa ulag geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän portlaryň arasyndaky sazlaşykly hereketleriň Orta geçelge arkaly netijeli, çalt we howpsuz ýük daşamalaryny üpjün etmekde esasy şertdigini bellediler.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal «Azerbaýjan demir ýollary»  ÝGPJ-niň başlygy Rowşan Rustamowyň Aşgabatda geçirilen dörttaraplaýyn duşuşyga gatnaşandygy barada habar beripdik.