Turkmenportal logo
Düýn 22:19
86158615
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» – «Al-Nassr» duşuşygy 0-1 hasabynda tamamlandy

Şu gün Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynda AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çäklerinde Türkmenistanyň «Arkadag» hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi, futbol duşuşygynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýurduň sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy. 

Duşuşyk ilkinji minutlardan başlap çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Iki toparyň oýunçylaram meýdançada ussatlyklaryny görkezdiler. Duşuşygyň birinji ýarymynyň 19-njy minutynda Saud Arabystany Patyşlygynyň «Al-Nassr» futbol toparynyň oýunçylary hasaby açmagy başardylar. Oýnuň birinji ýarymynda iki toparyň oýunçylaram garşydaşyna tarap hüjümleri guradylar. Şeýle-de bolsa soňra oýnuň birinji ýarymy tamamlanýança hasap üýtgemedi. 

Duşuşygyň ikinji ýarymam futbol janköýerleri üçin täsirli pursatlara baý boldy. Iki toparam garşylykly hüjümleri etdiler. Muňa garamazdan, duşuşyk tamamlanýança hasap üýtgemedi. Şunlukda, «Arkadag» hem-de  «Al-Nassr» futbol toparlarynyňarasyndaky duşuşyk 0-1 hasabynda tamamlandy.