Turkmenportal logo
11.02.26
1934819348
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tailandyň Patyşasy Aşgabada sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär
Surat: Surat: mfa.gov.tm

10-njy fewralda Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow (oturýan ýeri Kuala Lumpur ş.) Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy Bangkok şäherinde Tailand Patyşasynyň Köşgünde (Amphorn Royal Palace) geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Dabaranyň barşynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Tailandyň Patyşasyna mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Patyşa ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem özüniň geljekde Türkmenistana sapar bilen barmak meýliniň bardygyny nygtap geçdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy tassyklanyldy.

Ynanç hatyny gowşuryş dabarasyndan soňra, Tailand Patyşalygynyň daşary işler ministri Sihasak Phuangketkeo bu ýurda täze bellenen ilçiler bilen gysgaça gürrüňdeşlik gurady. Söhbetdeşlikde Tailand Patyşalygynyň daşary işler ministri ilçiniň diplomatik işini amal aşyrmakda ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Tailand Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli gatnaşyklary saklamak babatynda ylalaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.