Turkmenportal logo
Düýn 16:58
1418014180
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda Orta geçelgäni ösdürmek boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi

Şu gün Aşgabatda dört ýurduň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Azerbaýjanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow, şeýle hem «Azerbaýjan demir ýollary» ÝGPJ-niň başlygy Rowşan Rustamow, «Özbegistan demir ýollary» PJ-niň dolandyryş geňeşiniň başlygy Zufar Narzullaýew we «Gruziýa demir ýollary» PJ-niň baş direktory Laşa Abaşidze gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri, şeýle hem demir ýol ulaglary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebitiň esasy üstaşyr ugurlarynyň biri bolan Orta geçelgäni ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Maslahata gatnaşyjylar Orta geçelgäniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we bu ugur boýunça ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak barada pikir alyşdylar. Ýük daşamalaryny has çalt amala aşyrmak üçin amallary sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.

Dörttaraplaýyn gepleşikleriň netijesinde Orta geçelge boýunça ýük daşamalaryny ösdürmek we sanlylaşdyrmak, şeýle hem geçelgäniň anyklaýyş işlerini geçirmek ýaly ugurlary öz içine alýan teswirnama gol çekildi.