Turkmenportal logo
Düýn 16:27
1299212992
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belarusyň ýokary okuw mekdepleri 2026–2027-nji okuw ýyly üçin türkmen talyplaryny kabul etmegini dowam etdirýär

«Abraýly Watan» hususy kärhanasy Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň 10-syna kabul ediş möwsümini dowam etdirýär. Türkmen dalaşgärleri üçin lukmançylyk, maglumat tehnologiýalary, inženerçilik hem-de ynsanperwer ugurlar boýunça bilim maksatnamalary heniz hem elýeterlidir.

Kärhananyň hyzmatdaşlary bolup durýan Belarusyň ýokary okuw mekdepleri:

  • Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti (BDLU)

  • Gomeliň döwlet lukmançylyk uniwersiteti (GDLU)

  • Grodnonyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti (GrDLU)

  • Witebskiniň döwlet lukmançylyk uniwersiteti (WDLU)

  • Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti (BDIRU)

  • Belarus milli tehniki uniwersiteti (BMTU)

  • Grodnonyň Ýanka Kupala adyndaky döwlet uniwersiteti

  • Gomeliň Fransisk Skorina adyndaky döwlet uniwersiteti

  • Poloskiniň Ýewfrosiniýa Poloskaýa adyndaky döwlet uniwersiteti

  • Witebskiniň P. M. Maşerow adyndaky döwlet uniwersiteti

«Abraýly Watan» kompaniýasynyň wekilleri Belarusyň bilim ulgamynyň esasy artykmaçlyklary hökmünde elýeterli okuw töleglerini, ýokary akademiki standartlaryny, okuwlaryň rus ýa-da iňlis dillerinde alnyp barylmagyny hem-de okatmagyň häzirki zaman usullarynyň ulanylmagyny nygtaýarlar.

Kompaniýa dalaşgärlere hünär ugruny saýlamak boýunça maslahat bermekden başlap, ýokary okuw mekdebine kabul edilmegine çenli ähli resminamalary doly taýýarlamak ýaly toplumlaýyn goldawy hödürleýär.

Maglumat üçin: «Abraýly Watan» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýän ähli ýokary okuw mekdepleri halkara bilim reýtinglerine girýär hem-de GDA ýurtlarynda we onuň daşynda ykrar edilendir.

Habarlaşmak üçin: Tel.: (+993 65) 05 72 75, (+993 64) 05 72 75, (+993 63) 27 72 75, (+993 62) 94 48 22; e-poçta: abraylywatan2024@gmail.com.