Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Gündogar edebiýatynyň iki nusgawy şahyry — Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygyna hem-de Zahyriddin Muhammet Babyryň doglan gününiň 543 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi.
Medeni-edebi agşam institut tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guraldy. Çäräniň maksatnamasynda Magtymguly Pyragynyň, Alyşir Nowaýynyň we Zahyriddin Muhammet Babyryň eserlerinden edebi bölekler ýerine ýetirildi. Dilçi talyplar dürli dillerde çykyş edip, olaryň çykyşlary wideo materiallar bilen utgaşdyryldy.
Agşamyň dowamynda gatnaşyjylar özbek halk aýdymlaryny hem-de iki ýurduň milli tanslaryny ýerine ýetirdiler. Institutyň «Altyn miras» medeni merkeziniň talyplary aýdym-sazly çykyşlaryny taýýarladylar.

Çäräniň çäklerinde Gündogar akyldarlarynyň edebi mirasyna bagyşlanan kitap sergisi, şeýle-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň medeni däplerini beýan edýän ekspozisiýa guraldy.
Guramaçylar şeýle medeni çäreleriň iki döwletiň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de umumy edebi mirasyň goragly saklanmagyna ýardam berýändigini bellediler.