Turkmenportal logo
Düýn 23:58
67036703
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Geljek hepdede Hökümetiň 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlis geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2025-nji ýylda alnyp barylan işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisi geçiriler. Bu barada sanly ulgam arkaly şu gün geçirlen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow belledi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda alnyp barylan işleriň netijeleriniň ýurduň uly üstünliklerine aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtap, ykdysadyýetiň pudaklarynda özgertmeleriň üstünlikli dowam edýändigini, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýurdy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň, amala aşyrylmaly çäreleriň, öňde durýan wezipeleriň köpdügine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany indiki hepde-de Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigini, onda geçen 2025-nji ýylda alnyp barylan işleriň jemleriniň jemleniljekdigini, kabul edilen maksatnamalaryň we berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişiniň seljeriljekdigini, şeýle hem käbir meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.