Çalt üýtgeýän häzirki dünýä şertlerinde bilim diňe sapaklaryň toplumy bolmagyny bes etdi. Häzirki wagtda bilim — tankydy pikirlenmäni, özüne ynamy we täze ýagdaýlara çalt uýgunlaşmak ukybyny kemala getirýän berk binýatdyr. Hut şeýle çemeleşmäni paýtagtymyzyň çagalary we ýetginjekleri üçin iş alyp barýan hem-de eýýäm tanalýan bilim giňişligine öwrülen Bilim Daragty okuw merkezi saýlady.
Bu ýerde diňe mekdep maksatnamasy «gowulaşdyrylyp» geçilmeýär — bu ýerde okamagy öwredýärler. Mugallymlar her bir çaganyň aýratynlyklaryna laýyk usulyýeti saýlaýarlar: ýaşyny, materialy özleşdiriş tizligini, maşgalanyň maksatlaryny, hatda häsiýet aýratynlyklaryny hem nazara alýarlar. Nazaryýet dessine tejribe bilen berkidilýär, çylşyrymly mowzuklar ýönekeý dilde düşündirilýär, okuwda berilýän zatlar bolsa çaganyň ýadamazlygy, ýöne yzygiderli ösüş gazanmagy üçin sazlanýar.
Merkezde aşakdaky ugurlar boýunça okuwlar alnyp barylýar:
Iňlis dili (çagalar we ulular üçin)
Daşary ýurt dili hökmünde rus dili (çagalar we ulular üçin)
Nemes dili (ýetginjekler we ulular üçin)
Matematika
Mental arifmetika
Synaglara taýýarlyga, tankydy pikirlenmäni, tertip-düzgüni we özüňe ynamy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu başarnyklar diňe mekdep ýyllarynda däl, eýsem ululyk döwründe hem peýdaly bolar. Şeýle hem merkez halkara synaglaryna taýýarlyk görmek boýunça işleri alyp barýar.
Ata-eneler diňe bahalaryň ýokarlanmagyny däl-de, eýsem çagalaryň okuwa bolan garaýşynyň hem üýtgeýändigini belleýärler: çagalar ýalňyşmakdan gorkmaýarlar, özleri sorag bermäge başlaýarlar we bilime höwes bildirýärler. Mugallymlar maşgalalar bilen hemişe aragatnaşyk saklaýarlar — ösüş barada maglumat berýärler hem-de öýde okuw üçin degerli maslahatlary berýärler.
Sapaklar häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän gurşawda geçirilýär: amatly okuw otaglary, görkezme serişdeleri, interaktiw elementler bar. Şeýle hem 150 orunlyk mejlis zaly bolup, onda bilim beriji filmler görkezilýär we tematiki çäreler geçirilýär.
Okuwyň tertibi: - Duşenbe, çarşenbe, anna. - Sişenbe, penşenbe, şenbe
Sapagyň wagtlary: 08:45–11:20; 12:25–15:05; 15:30–18:05; 18:30–21:05.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Galkynyş – Andalyp köçeleriniň çatrygy, öňki Metbugat öýi
Telefon belgileri:
26-63-65, 26-63-62, 87-16-73-345, 86-38-50-524
Sosial ulgamdaky sahypa. TikTok: @bilimdaragty
Bilim Daragty — bu çaganyň diňe bilim däl-de, eýsem özüne bolan ynamy hem gazanýan ýeridir. Bilimiň esasy maýa öwrülýän häzirki döwründe şeýle merkezler hakykatdan-da geljegi kemala getirýärler.