3 — 5-nji fewral aralygynda Kuweýtde Aziýanyň körler birleşiginiň (ABU) Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi geçirilýär. Çärä guramanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Merdan Reýimowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň wekiliýeti hem gatnaşýar.
Foruma Türkmenistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Kuweýtden, Katardan, Şri-Lankadan, Pakistandan, Iordaniýadan we Aziýa sebitiniň beýleki ýurtlaryndan degişli guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Duşuşygyň esasy maksady edilen işleri seljermekden we guramanyň ösüş ugruny kesgitlemekden ybaratdyr.
Mejlislerde 2026-njy ýyl üçin çäreleriň strategik meýilleşdirilişi we Aziýanyň körler birleşiginiň ösüş konsepsiýasy maslahatlaşylýar. Forumyň çäklerinde guramanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek boýunça iş topary döredildi.
Maksatnama sosial ulgamda marketingi ösdürmek, görüş boýunça maýyplygy bolan adamlaryň arasynda telekeçiligi goldamak we assistiw tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri boýunça mowzuklaýyn sessiýalary öz içine alýar. Aýratyn sessiýa görüş boýunça maýyplygy bolan zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagy baradaky meselelere bagyşlanýar.
Aziýanyň körler birleşigi Aziýa sebitinde görüş boýunça maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny goramak we sosial integrasiýasy meseleleri bilen meşgullanýar.