Türkmenistanyň Döwlet statistika komiteti ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda Köp görkezijiler boýunça klaster barlagynyň (MICS7) ýedinji tapgyrynyň netijelerini hödürledi. Bu barlag ýurtda çagalaryň we zenanlaryň ýagdaýy barada iň doly hem-de ygtybarly maglumatlary berdi.
Köp görkezijiler boýunça klaster barlagy (MICS) — çagalaryň we zenanlaryň ýagdaýy barada halkara derejesinde deňeşdirip bolýan maglumatlary almak maksady bilen, ÝUNISEF tarapyndan döredilen öý hojalyklaryny saýlap almagyň esasynda barlamak boýunça global maksatnamadyr. Bu maksatnama ýurtlara saglygy goraýyş, bilim, çagalaryň goragy we abadançylygy ýaly ugurlar boýunça esasy görkezijilerde ösüşi yzarlamaga kömek edýär hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin strategiýalary taýýarlamaga ýardam berýär.
ÝUNISEF-iň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bu barlag 1995-nji ýyldan bäri Türkmenistanda durmuşa geçirilýän we öňki bäş tapgyry öz içine alan global MICS maksatnamasyna ýurduň köp ýyllyk gatnaşygynyň möhüm tapgyry boldy.
MICS7 boýunça işler 2022-nji ýylda başlanyp, hünärmenleri giň gerimde taýýarlamagy we okatmagy, 2024-nji ýylda umumymilli maglumatlaryň toplanmagyny, şeýle hem 2024–2025-nji ýyllarda alnan maglumatlaryň seljerilmegini we hasabatlaryň taýýarlanylmagyny öz içine aldy. Bu barlag ýurdumyzyň Döwlet statistika komiteti bilen ÝUNISEF-iň köp ýyllyk hyzmatdaşlygynyň we sazlaşykly tagallalarynyň netijesi bolup, Türkmenistanda çagalaryň we zenanlaryň ýagdaýy barada ygtybarly maglumatlaryň esasy çeşmesine öwrüldi.
Alnan maglumatlar çagalaryň saglygy, iýmitlenişi, bilimi, goragy we abadançylygy barada giňişleýin düşünje berýär. Olar milli hem-de ýerli derejelerde delillere esaslanýan çözgütleri kabul etmek üçin binýat bolup hyzmat edýär, işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge we her bir çaganyň hukuklaryny goramaga hem-de ösüşine gönükdirilen ulgamlary güýçlendirmäge ýardam edýär.
Doly hasabat hem-de gysgaça seljerme materiallary ÝUNISEF-iň MICS boýunça resmi sahypasynda ýerleşdirildi.