Turkmenportal logo
04.02.26
1146111461
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri «At — myrat» okuw merkeziniň çagalary bilen duşuşdy
Surat: Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, «At — myrat» okuw merkeziniň çagalary hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagy akademiýanyň rektory P.Baýramdurdyýew we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebow mähirli garşyladylar.

Häzirki döwürde akademiýanyň garamagynda döredilen «At — myrat» okuw merkezi atşynaslyk bilen meşgullanýan ýaşlary özünde jemleýär. Atşynaslyk hünärine höwes edýän çagalar okuw sapaklaryny atçylygyň esaslary hasaplanylýan çapyksuwarlyk, milli at üstündäki oýunlar hem-de atly sporty özleşdirmek ýaly ugurlar boýunça hünär alýarlar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri merkezde bilim alýan çagalara ýüzlenip, olar bilen ýörite duşuşmaga gelendigini, merkeziň degişli ugurda netijeli işleri alyp barýandygy, bu ýerde ýaşlaryň atçylyga degişli hünärleri saýlap almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri çagalarda bedewlere bolan söýgini döretmek maksady bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan okuw merkezine 1 million 500 manat sowgat berdi. Bu serişde okuw merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine we ýaşlaryň sanly ulgamy işjeň özleşdirmeklerine ýardam berer. «At — myrat» okuw merkeziniň ýolbaşçysy Gahryman Arkadaga bu ýerde bilim alýan çagalaryň adyndan hoşallyklaryny beýan etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde merkeziň ýolbaşçylarydyr okuwçylarynyň haýyşlary boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.