«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti häzirki zaman süýşürilip açylýan markizleriň önümçiligini ösdürmegi dowam etdirýär.
Kärhana terassalar, kafeleriň tomusky meýdançalary hem-de hususy ýaşaýyş jaýlary üçin niýetlenen asma örtük ulgamlaryny gurnamak we satmak boýunça ýöriteleşýär. Markizler ýokary berklige eýe bolan metal karkasdan we gün şöhlesinden, ýagyş-ýagmyrdan, şeýle-de ýat adamlaryň daşardan seredip durmalaryndan goragy üpjün edýän, könelmäge çydamly mata örtüginden ybaratdyr.
Önümleriň esasy aýratynlygy dolandyryş prosesiniň awtomatlaşdyrylmagydyr. Şeýle çözgüt gurluşyň hyzmat ediş möhletini ep-esli uzaldýar hem-de yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurlygyndan eýelerini azat edýär.
Öndüriji funksionallyk bilen estetikanyň utgaşmagyna aýratyn üns berýär. Süýşürilip açylýan ulgamlaryň kömegi bilen diňe bir rahat kölegeli giňişlik döredilmän, eýsem olar jaýyň binagärlik keşbine stil taýdan sazlaşykly goşant goşýar. Önümçilikde ýokary hilli materiallar we öňdebaryjy tehnologik çözgütler ulanylýar, bu bolsa uzak möhletleýin ygtybarly peýdalanmagy kepillendirýär.
Habarlaşmak üçin:
salgysy: Aşgabat şäheri, G. Kulyew köçesi, jaý 28;
telefonlar: 75 41 11, 19 41 11, 59 53 33, 14 53 33;
sosial ulgam sahypasy.