Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ikinji sekretary jenap Sudo Nobuhiro we ilçihananyň bilim hem-de medeniýet meseleleri bölüminiň işgäri Nurgözel Amangeldiýewa Aşgabadyň 140-njy orta mekdebinde bolup, okuwçylar üçin origami boýunça sapaklary geçirdiler.
Origami, ýagny milli däp-dessur sungaty boýunça geçirilen ussatlyk sapaklary Ýaponiýanyň baý medeniýeti baradaky gürrüňler bilen utgaşdyryldy.
Okuwçylar kagyzdan dürli şekilleri ýasamak sungaty bolan origaminiň esasy endiklerini kämil derejede öwrendiler.
Aşgabadyň 140-njy orta mekdebi ýurt boýunça ýapon diliniň okadylýan 12 mekdebiň biridir. Ýaponiýanyň ilçihanasy geljekde hem ýapon dili öwredilýän mekdeplere baryp görmek tejribesini dowam etdirmegi meýilleşdirýär.