Turkmenportal logo
Şu gün 16:27
51035103
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna 220 müň dollarlyk enjamlary gowşurdy

3-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2025-nji ýyl üçin resmi ösüşe ýardam bermek boýunça kiçi maksatnamanyň (ODA) çäklerinde enjamlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Çärä koreý tarapyndan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kim Jun Çhol gatnaşdy, türkmen tarapyna bolsa Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa wekilçilik etdi.

Gowşurylan enjamlaryň umumy bahasy 220 müň ABŞ-nyň dollaryna deň boldy. Resmi ösüşe ýardam bermek boýunça kiçi maksatnama Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam edýän başlangyçlary tehniki enjamlar we maddy goldaw bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.

Dabaranyň dowamynda taraplar şu ýyl Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy we derejesiniň ýokarlandyrylmagy barada pikir alyşdylar. Şeýle hem çärä gatnaşyjylar iki ýurduň meýilleşdirilen bilelikdäki çärelerine işjeň gatnaşmagyň möhümdigini bellediler.