Milanda we Kortina-d’Ampessoda geçiriljek XXV gyşky Olimpiýa oýunlary 2026-njy ýylyň 6-njy fewralynda başlanar. 3-nji fewral ýagdaýyna görä, açylyş dabarasyna üç gün galdy. Ýaryşlar 22-nji fewrala çenli dowam eder.
Halkara olimpiýa komiteti 2019-njy ýylyň 24-nji iýunynda Lozannada geçirilen 134-nji mejlisinde XXV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň Italiýanyň Milan we Kortina-d’Ampesso şäherlerinde geçiriljekdigini mälim etdi. Oýunlary geçirmek hukugy ugrunda Şwesiýa we Italiýa dalaşgär boldy, Şweýsariýa, Awstriýa, Kanada we Ýaponiýa ýaly birnäçe ýurt bolsa öz arzalaryny yzyna aldy.
Bu Olimpiýa oýunlary Italiýada geçiriljek dördünji Olimpiýa oýunlary bolar. Kortina-d’Ampesso ozal 1956-njy ýylda gyşky Olimpiýa oýunlaryny kabul edipdi, Milan üçin bolsa bu Olimpiýa oýunlary ilkinji gezek geçirilýär. Ýurduň çäginde geçirilen soňky gyşky Olimpiýa oýunlary 2006-njy ýylda Turinde bolupdy.
Ýaryşlar üç sebitde — Lombardiýada, Weneto sebitinde, şeýle hem Trento we Bolzano welaýatlarynda geçiriler. Açylyş we ýapylyş dabaralary, şeýle-de buz üstünde geçirilýän ýaryşlaryň köpüsi Milanda bolar, dag lyžasy boýunça ýaryşlary bolsa Kortina-d’Ampesso kabul eder. Iki esasy şäherden başga-da, ýaryşlar Liwinýo, Anterselwa, Bormio, Predatsso, Tezero we Werona şäherlerinde geçiriler.
Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasynyň çäklerinde türgenler jemi 116 medal toplumy ugrunda bäsleşerler, bu bolsa Pekinde geçirilen öňki gyşky Olimpiýa oýunlary bilen deňeşdirilende ýedi medal toplumy köpdür. Ilkinji gezek Olimpiýa maksatnamasyna ski-alpinizm — lyžada daga çykmak we soňra aşak düşmek bilen utgaşdyrylan sport görnüşi girizilýär. Bu sport görnüşi boýunça erkekleriň we zenanlaryň sprint ýaryşlarynda, şahsy bäsleşiklerde hem-de garyşyk estafetada medallar ugrunda bäsleşikler geçiriler.
Olimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hökmünde iki sany gornostaý saýlanyp alyndy: Kortinany alamatlandyrýan Tina we Milany alamatlandyrýan Milo. Oýunlaryň şygary — «It’s Your Vibe» («Bu siziň ruhuňyz»).
Olimpiýa oýunlaryna 93 ýurtdan 3500-den gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Çaklamalara görä, medal hasabynda esasy bäsdeşler Norwegiýanyň, Germaniýanyň we ABŞ-nyň toparlary bolar.