Türkmenistanyň boks boýunça ýygyndysy Gazagystanyň Şymkent şäherindäki «Alma-Tau» sport akademiýasynda geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna geldi. Bu barada Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmen boksçylary Mongoliýada aprel aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän boks boýunça Aziýa çempionatyna (WB), şeýle hem Braziliýada geçiriljek Dünýä kubogynyň birinji tapgyryna taýýarlyk görerler.
Federasiýanyň belläp geçmegine görä, Gazagystanyň sport akademiýasynda geçirilýän halkara ýygnanyşyklary türkmen türgenlerine yklym we dünýä derejesindäki jogapkärli ýaryşlaryň öňüsyrasynda ýokary derejede taýýarlyk geçmäge mümkinçilik berer.