Turkmenportal logo
Düýn 11:15
1931319313
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belarusyň ýokary okuw mekdepleriniň sany artdy: MosIUR-2025 reýtingi boýunça ykrar edilýän uniwersitetleriň sanawy giňeldildi

«Bitewi Hyzmat» kompaniýasy Belarus Respublikasynyň diplomlary tassyklanýan we ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleriniň sanawynyň giňeldilendigini habar berýär. Häzirki wagtda bu sanawa 14 uniwersitet girýär we olaryň ählisi hünärmenleri taýýarlamagyň ýokary derejesini hem-de bilim bermegiň akademiki hilini tassyklaýan halkara Three University Missions (MosIUR) – 2025 reýtingine girizilendir.

Giňeldilen sanawa aşakdaky uniwersitetler girýär:

  1. Belarus döwlet uniwersiteti (BDU)

  2. Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti (BDLU)

  3. Witebskiniň Halklaryň dostlugy ordenli döwlet lukmançylyk uniwersiteti

  4. Gomeliň döwlet lukmançylyk uniwersiteti

  5. Grodnonyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti

  6. Belarus milli tehniki uniwersiteti (BMTU)

  7. P. M. Maşerow adyndaky Witebskiniň döwlet uniwersiteti

  8. Ýanka Kupala adyndaky Grodnonyň döwlet uniwersiteti

  9. Fransisk Skorina adyndaky Gomeliň döwlet uniwersiteti

  10. Ýewfrosiniýa Poloskaýa adyndaky Polotskiniň döwlet uniwersiteti

  11. Minskiniň döwlet lingwistiki uniwersiteti

  12. Belarus döwlet tehnologiýa uniwersiteti

  13. A. S. Puşkin adyndaky Brestiň döwlet uniwersiteti

  14. Belarus-Russiýa uniwersiteti

«Bitewi Hyzmat» kompaniýasy — okuwa girmäge ýardam etmek we bilim reýtinglerini seljermek boýunça bilermendir

«Bitewi Hyzmat» kompaniýasy MosIUR akademiki hili hem öz içine alýan halkara bilim reýtinglerini, şeýle-de ykrar edilýän uniwersitetleriň sanawlaryndaky täzelenmeleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Üznüksiz monitoringiň netijesinde kompaniýa dalaşgärlere iň täze we ygtybarly maglumatlar bilen dessine üpjün edýär.

«Bitewi Hyzmat» daşary ýurtly dalaşgärlere hünär taýdan hemmetaraplaýyn goldaw bermekde ýöriteleşýär we aşakdaky hyzmatlary hödürleýär:

  • reýtingler we hünär ugurlarynyň häzirki zaman zerurlyklarynyň esasynda uniwersiteti we hünäri saýlamak boýunça maslahatlar;

  • okuwa kabul edilmek üçin zerur bolan resminamalaryň doly bukjasyny taýýarlamak;

  • resminamalary resmileşdirmegiň ähli tapgyrlarynda ugrukdyrmagy üpjün etmek;

  • okuw döwründe talyplara goldaw bermek.

Kompaniýanyň tejribesi, bilim ulgamyndaky ulgamlaýyn monitoringi we şahsy çemeleşmesi okuwa kabul edilmek prosesini her bir dalaşgär üçin aç-açan, ygtybarly we amatly edýär.

KHBS we dalaşgärler üçin aragatnaşyk maglumatlary:

«Bitewi Hyzmat» kompaniýasy

Salgysy: Aşgabat ş., Syýahat («Turist») myhmanhanasy

E-mail: bitevihyzmat@gmail.com

Telefonlar: (+993 62) 02-30-84, (+993 71) 43-30-88, (+993 71) 43-30-77