Turkmenportal logo
Düýn 09:44
1308313083
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaýda türkmen teplowozlarynyň 20-si düýpli abatlaýyşdan geçdi

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Hytaýyň «CRRC Ziyang Co., Ltd.» lokomotiw gurluşyk zawodynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda düýpli abatlaýyşa mätäç bolan 20 sany ýük teplowozy abatlandy.

Ozal baglaşylan şertnamanyň esasynda teplowozlar Hytaýda zawod şertlerinde düýpli abatlanyp, eýýäm Türkmenistana getirildi — diýip, railway.gov.tm saýtynda habar berilýär.

Hytaýda düýpli abatlaýyşdan geçen teplowozlar häzirki zaman öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edildi, bu bolsa uly möçberdäki ýükleri uzak aralyklara daşamak mümkinçiliklerini has-da giňeltdi.

Getirilen teplowozlar eýýäm ulanyşa girizildi. Çeşmäniň bellemegine görä, düýpli abatlaýyş olaryň hereket ediş we çekiş kuwwatyny ýokarlandyrmaga, şeýle-de öndürijiligini artdyrmaga mümkinçilik berdi.