Turkmenportal logo
Düýn 13:27
1052310523
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Kataryň arasynda atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyga gol çekildi

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atçylyk sporty federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Resminama akademiýanyň rektorynyň we wekiliýetiniň şu ýylyň 29 — 31-nji ýanwary aralygynda Kataryň Atçylyk sporty federasiýasynyň çakylygy boýunça bu ýurda amala aşyran iş saparynyň dowamynda gol çekişildi.

Gol çekmek dabarasyna Kataryň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti Bader Mohammet Al-Darwiş, Kataryň Emiriniň «Al Shaqab» atçylyk sport toplumynyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Halid Abdulla Al-Hatmi we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýew gatnaşdy.

Bu Ähtnamanyň iki ýurduň arasynda ylym, bilim, innowasiýalar we atçylyk sporty ulgamyndaky gatnaşyklaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyna garaşylýar. Şeýle hem bu resminama atçylyk pudagy üçin tejribe alyşmakda we hünärmenleri taýýarlamakda täze mümkinçilikleri açar, şonuň bilen birlikde Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine itergi berer.