Turkmenportal logo
Şu gün 12:36
29712971
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýada Nipah wirusyna garşy waksina sanjymynyň kliniki synaglaryna başlanar

Tokio uniwersiteti Nipah wirusyna garşy waksina sanjymynyň kliniki synaglarynyň ýakyn wagtda başlanjakdygyny habar berdi. Derman serişdesiniň synaglary aprel aýynda Belgiýada başlanmagy meýilleşdirilýär, bu barada zakon.kz habar berýär.

Waksinanyň işlenip taýýarlanylmagy Tokio uniwersitetiniň Öňdebaryjy ylymlar we tehnologiýalar boýunça ylmy-barlag merkezi tarapyndan alnyp barylýar. Bu derman serişdesini döretmegiň zerurlygy şu ýylyň ýanwar aýynda Hindistanda hasaba alnan keseliň soňky möwç alşyklary bilen baglanyşyklydyr.

Nipah wirusy zoonoz ýokanç keselleriň hataryna girýär we haýwanlardan adama geçýär. Ýokançlygyň tebigy çeşmesi iri miwe iýýän ýarganatlar hasaplanýar. Kesel ýokary ölüm derejesi bilen häsiýetlendirilip, nerw we dem alyş ulgamlarynyň agyr zeper ýetmegine sebäp bolup bilýär.

Häzirki wagtda dünýäde bu wirusa garşy tassyklanan täsirli waksina sanjymy ýok. Synaglar üstünlikli tamamlanan ýagdaýynda, täze işlenip taýýarlama geljekde keseliň möwç almasynyň öňüni almaga hem-de epidemiologik töwekgelçilikleri azaltmaga ýardam edip biler.