Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew sanly ulgam arkaly 30-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenilip taýýarlandy. Munuň özi sanly ykdysadyýete geçmäge, milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamaga, bu ugurda emeli aň bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga we olaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek maksady bilen degişli resminama gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.