Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň kitaphana işi, çagalaryň okamagyny guramak ugrunyň talyplary Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda hünär tejribeligini geçdiler.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, kitaphananyň hünärmenleri talyplary bibliografik serişdeler, pudaklaýyn katalog we okyjylaryň ondan peýdalanmagynyň düzgünleri bilen tanyşdyrdylar.
Şeýle hem talyplar kitaphana gelip gowuşýan her bir kitabyň resmileşdirilişi we olaryň kitap ammarynda ýerleşdiriliş usullary bilen tanyş boldular.