Turkmenportal logo
Şu gün 10:09
26572657
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azerbaýjan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy kömekçi wezipesine boş iş ornuny yglan etdi

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy kömekçi (assistant) wezipesi boýunça boş iş ornunyň açylandygyny mälim etdi. Bu barada diplomatik wekilhananyň resmi bildirişinde aýdylýar.

Dalaşgärler aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir: ýokary bilimli bolmaly; türkmen we iňlis dillerini ýazmaça hem-de dilden erkin derejede bilmeli; Windows operasion ulgamynda işleýän şahsy kompýuter bilen ynamly işläp bilmek ukybyna eýe bolmaly; MS Office programmalarynyň toplumyny (esasan Word, Excel we beýleki goşundylary) bilmelidir.

Gyzyklanma bildirýän şahslar iňlis dilinde taýýarlanan terjimehalyny (CV) elektron poçta arkaly ashgabat@mission.mfa.gov.az salgysyna ibermelidirler.