Turkmenportal logo
Düýn 22:13
54285428
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat dokma toplumynda ýylyň nyşany ýerleşdirilen önümler öndürilip başlandy

Häzirki günlerde önümçilik depginini ýokarlandyrýan kärhanalaryň biri hem Aşgabat dokma toplumydyr. Bu ýerde ýylyň nyşany ýerleşdirilen önümleriň öndürilip başlanmagy bolsa aýratyn bellärliklidir.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýokary hilli önümleriň öndürilmegi degişli ulgamda belent sepgitleriň gazanylmagy boýunça döwlet Baştutanynyň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny äşgär edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da belent sepgitleri eýelemek kärhana üçin möhüm wezipedir.

Häzir Türkmenistan dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleriň eksportyny ýylsaýyn artdyrýar. Ýurduň önümçiligini döwrebap enjamlaşdyrmak bilen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bäsleşige ukyply önümleriň möçberini hem-de görnüşlerini artdyrmak has-da peýdalydyr. Netijede, ekologiýa taýdan arassa önümçilik ulgamyny döretmek hemmetaraplaýyn bähbitlidir. Bu ugurda bellenilen meýilnamalaryň amala aşyrylmagy sebitleri senagat taýdan ösdürmegiň milli ykdysadyýeti köptaraply ösdürmegiň depginlerini güýçlendirmäge mümkinçilik berer. Bularyň ählisi Watanyň ykdysadyýetiniň pugtalandyrylmagyna hyzmat eder.