Turkmenportal logo
Düýn 13:51
1162011620
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futzal boýunça türkmen emini Ramazanow Aziýa Kubogynyň oýunlaryna bellenildi

Türkmenistandan FIFA-nyň eminleriniň biri Timur Ramazanow Indoneziýada geçirilýän futzal boýunça Aziýa Kubogynyň final tapgyrynyň duşuşyklaryna bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Ramazanow eýýäm birinji tapgyryň çäklerinde Ýaponiýanyň we Awstraliýanyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilen duşuşyga eminlik etdi. Oýun Ýaponiýanyň ýygyndysynyň 6:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýle-de türkmen emini ikinji tapgyrda Yragyň we Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek duşuşykda üçünji emin hökmünde çykyş eder.

Mundan başga-da, ýaryşda gözegçi emin hökmünde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmeni, Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) öňdebaryjy bilermeni Wadim Baratow hem işleýär.

Futzal boýunça 18-nji Aziýanyň Kubogy ýaryşy 7-nji fewrala çenli dowam eder. Indoneziýa yklymyň birinjiligi ugrundaky ýaryşyň final tapgyryny ikinji gezek kabul edýär.