Düýn Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynda 2026-njy ýylyň Türkmenistanda: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli duşuşyk geçirildi. Onuň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy hem guraldy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, çärä ilçihananyň işgärleri, Hytaýyň Atçylyk Assosiýasiýasynyň Baş sekretary, Türkmenistan-Hytaý medeniýet merkeziniň wekilleri, «Psearcher», «Lookwe» žurnallarynyň baş redaktorlary, žurnalistleri hem-de Pekin şäheriniň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we türkmenistanly talyplary gatnaşdylar.
Dabarada giriş sözi bilen Türkmenistanyň ilçisi Parahat Durdyýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda gatnaşyjylara «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň many-mazmuny barada gürrüň berdi.
Hytaýly hyzmatdaşlar öz çykyşlarynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň netijeliligi we ösüş depgini, ýurduň gazanýan üstünlikleri, halkara giňişligindäki bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan abraýy barada belläp geçdiler.
Tanyşdyryş dabarasynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ylymlary akademiýasy we Içki Mongoliýa uniwersitetiniň biohimiýa we molekulýar biologiýa boýunça hünärmeni Weý Huakaýa Halkara alabaý itleri assosiasiýasyna agzalyga kabul edilmegi baradaky degişli şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.